Запись - Öýke / hekaýa

Öýke / hekaýa

Öýkeleşdiler…
Ol-a: “Gidäýinmi?” diýdi.
Bu-da: “Körüň ýok!” diýdi.
Bolany…
Elbetde, hemme zat öňki-öňkülik ýaly…
Naharam şol öňki nahar…
Çaýam wagtynda äberilýär.
Çagalaram jagyl-da-jugul…
Ine-gana telewizora tomaşa etmäge maý bermeýärler...
Emma...
Onda-da...
Nämedir bir zat ýetmeýär...
...ýaly...
Ähli zat öňki-öňkülik bolsa-da, öňki-öňkülik däl...
...ýaly...
Ýa-da bu “öňki-öňküligiň” öňki ýaly öňküligi ýok...
...ýaly...
Bu öňküsi ýaly däl “öňki-öňkülik” düşek ýazylandan soňam bes etmedi.
Çagalar uklady.
Öý eýesem ýerine geçdi.
Öý bikesem...
Çagalaryň ýanynda...
Gum-gukluk...
Ölügsi garaňkylyk...
Ukusyzlyk...
Özem ol ukusyzlygyň düzüminde az-owlak gahar-gazabam bar ýaly, sähel-mähel öýke-kine-de, azak-tenek hyjuwdyr, birek-biregi küýsemegem...
Garaz, alagaraňky, giň otagda giden bir düşnüksizlik-dä...
-Ýatdyňmy?!-diýip, ýatyp bilmese-de, hälden bäri ýatan bolýan kişi, ahyry çydaman ilki dillendi.
-Jukk.-edip, şunça öýkelese-de, hälden bäri dillenilerine garaşyp ýatanam, lak atylaryna mähetdel, kineli jukguldady.
Hysyr-pysyr...
Hysyr-pysyr...
Otagyň alagaraňky ukusyzlygynyň düzümine düşnüksiz çybşyldylardyr, gümürtik gozganjyramalar goşuldy...
Ahbetin, ölügsi garaňkylykda sermene-sermene kineliler tapyşan bolara çemeli...
Otagyň alagaraňkylagam, ukusyzlygam ejap bilen gözlerini ýumdular...
Birhaýukdan soň içerde eşidilen pessaý pyşyrdy, otagy dolduran iki ülpede gaýtadan gulaklaryny üşertmäge mejbur etdi.
-Indi, gidäýinmi?-diýip, kinesi ýazylanlaryň biri näzirgemeli pyşyrdady.
-Jukk.-diýip, kinesi ýazylanlaryň beýlekisi dokmäde jukguldady.
-Wah sen! Şeýdýäň dälmi?!-diýip, öýkeläp açylan gaýtadan öýkeledi.
-Hawa.-diýip beýleki pyşyrdy göwnübir jogap berdi...
“Nädýä? Gidermi?” diýip alagaraňkylyk ýanyndaky ukusyzlyga gözüni gypdy.
“Gitse gerek. Daň atýança wagt kän-le!” diýýän terzde, ukusyzlygam kinaýaly gülümsiredi...

©Serdar Ataýew
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям

Statok.net