Запись - "Indi göwni hyýal bilen aldaman..."

"Indi göwni hyýal bilen aldaman..."


Indi göwni hyýal bilen aldaman,
Görmersiň hyjuwmyň dönüp-agmasyn.
Indi söýgim — tolkuny däl deňiziň,
Indi söýgim — däl wulkanyň magmasy.

Akylym azaşyp özüni tapdy,
Ýüwrük günler sowaşdyrdy kem-kemden.
Seniň maňa nesip etmäniň üçin,
Kine saklap ýörmerinem ejeňden,
Kine saklap ýörme senem ejemden.

Ten berip takdyryň edenlerine,
Etjeklerin boýna alyp ýöreris.
Herimiz bir ýanda neresse yşkyň
Urnup-urnup, jan berişin göreris...


Sapa HOMMADOW

Литература | Edebiýat
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям

Statok.net