Запись - Oýanalyň!...

Oýanalyň!...


Elbetde, dünýäde hiç zat öz-özünden ýa-da tötänleýin bolmaýar. Bir suratkeş çekmese, reňkler öz-özünden ylgaşyp gelip ýa şemala gaýyp, birden çyzylyp portret bolaýanok. Haçanda Seljukly döwletinde Nyzam al Mülk mekdepdir medreseleri guran wagty, bilimiň ösen wagty, ylymly adamlar bolan wagty ýurt hem ösdi. Osmanly döwletinde-de bilime üns berlen wagty ýurt ösdi. Haçanda bilimsizlik kök urup başlanda garyplyk başlady, agzalalyk başlady we ýurt dargady.
Täze dünýäniň Mähriban Ýaşlary!
Biziň çykalgamyz bilimdir! Bizi halas etjek Ulymdyr! Ynanyň, başga çykalgamyz ýok! Bizi ösdüren Ylymdyr! Arzyly etjegem Ylymdyr! XVIII asyrda biz goňşymyz bilen suw üstünde urşup ýörkäk iller 1755-nji ýylda “Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetini” gurdular. Biz ol wagtlar ownuk dawa-jenjeliň, ýürekbulanç tireparazlygyň filosofiýasyny gurýan wagtymyz iller uniwersitet gurýardy. Biz birek-birege bahylçylyk etmekde bäsleşýän wagtymyz iller dünýäniň iň gowy 3 uniwersitetiniň biri bolan “Stanford” uniwersitetini gurdular. “Stanford” uniwersitetiniň uçurymlary tarapyndan dünýä belli onlarça marka çykaryldy. Ýene-de şol uçurymlar tarapyndan ýylda jemi 2,7 trillion dollar gazanylýan firmalar guruldy. Diňe şunuň özi bir ortatap ýurduň girdeýjisinden 270 esse köp. “Stanford” uniwersitetinden uçurym bolan 30-dan gowrak milliarder çykdy. 17 sany astronawt, 60 sany Nobel baýragyna dalaşgärem ýene şol uniwersitetiň uçurymlaryndan çykdy. Bu diňe bir uniwersitet. Bar işem bilim berdiler, bolany... Bilimiň gymmaty...Adam faktory... Şol uniwersitetiň aşagynda nebitem ýokdy, altynam gömülip goýulmandy. Adamlar, oýanyň indi! Çagalaryňyza goýjak iň uly mirasyňyz jaýam däl, altyn-kümüşem däl. Diňe bilim beriň! Iň uly goýjak mirasyňyz diňe şol. Gözüňizi açyň! Biziň halkymyzda zehinem bar, ukybam. Diňe şol ýatan beýnini oýarmak gerek. Belki, siz “Stanford”-yň uçurymlaryndanam has ýokary derejelere ýetersiňiz. Gamyny iýen her talyp Stanforda-da okap biler, Oxfordda-da. Esasy zat başlamak gerek. Jelaleddin Rumy aýtmyşlaýyn: “Eger ýöremäne başlasaňyz ýol görüner!”. Özüňize haýpyňyz gelsin! Wagtyňyzy öldürmäň! Özüňize erk ediň! Sakyrtga ýaly ýapyşyň bilime! Täze dünýä öwrenişiň! Täze tehnologiýalary öwreniň! Iller uçdy. Biz duran ýerimizde güýmenip galmalyň! Ýeteliň yzlaryndan! Geliň, ykbalymyzy näbellilige goýmalyň!

Полезные советы | Peýdaly maslahatlar
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям

Statok.net