Запись - Gorkýan...

Gorkýan...

Gorkýan. Özümi unudaryn diýip gorkýan... Bu dünýäň hödür edip biljek ajaýyp we o diýen ajaýyp däl zatlary üçin açyk bolan günlerimi unudaryn diýip gorkýan. Wagtyň geçmegi bilen ýüzümde adamlara bolan ynamdan, mähirden nam-nyşan galmaz öýdüp gorkýan. Adamlara hem duýgulara, hamana, öz bahasy bar bolan haryt hökmünde garap başlaryn öýdüp gorkýan. Şu çaka çenli ýaşap ýören, ömrümdäki gymmatlyklaryň biri bolan “duýup bilmek” ukybymy ýitirerin öýdüp gorkýan. Ýylgyrmagymy bes edip, daşdan ýasalan maskany geýip ýörerin diýip gorkýan. Birwagt gözlerimde bolan döretmäge, söýmäge, uçmaga ylham berýän oduň öçmeginden gorkýan. Ömrüme manyly hem ýagty günleri getiren adamlaryň atlaryny unudaryn öýdüp gorkýan. Indi begenji, gynanjy, yşky, ýigrenji ilkinji gezekki ýaly duýup bilmerin öýdüp gorkýan. Sebäbi her gezekkide öňküden has hatyrjem, ätiýaçly, paýhasly, biraz zalymrak bolýanymy duýýan. Öz ýalňyşlarymy sapak edinmekden gorkýan. Sebäbi bu sapaklar bilen parhsyzlyk, göwnügeçijilik, ynanmazçylyk, ýokardan garama ýaly häsiýetler gelip başlaýar. Edil şolar sebäplem mendäki bar bolan inçe hem ýagty duýgular gider. Näziklik gider. Özümi ýitirmekden gorkýan... Hawa, ýöne täze has gowular geler. Başga adamlar, başga atlar. Başga “duýýan”, “bagyşla”, “küýseýän”-ler geler. Mende bolsa bu zatlara bolan duýgy has peseler, hatda, bildirmeýän derejä ýeter. Gözlerimdäki alaw bolsa, ýöne bir uçgunjyk bolup galar. Ýüregimiň urgusy bolsa, meniň hakyky pikirlerimi aýan etmez... Gorkýan... Hakyky özümi küýsärin öýdüp gorkýan...

Sapa Hommadow

Литература | Edebiýat
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям

Statok.net